19

19 ýyldan gowrak önümçilik tejribesi

arrow

13

Sarp edijileriň söýgüsini gazanan brendler

star

20.7

20,7 million litr alkogolsyz içgiler

bottles

15

15 sany häzirki zaman logistika merkezi

geo

«Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti, Türkmenistanda alkogolsyz içgi öndüriji esasy kompaniýalardan biridir.

Kompaniýa 2003-nji ýylda esaslandyrylany bäri, onuň esasy ýörelgeleri gowy hil, durnuklylyk, innowasiýa we iň esasysy sarp edijileriň kanagatlanmagy boldy.

Kompaniýanyň ýerli bazarda bäsdeşlige ukyply we halkara derejesinde ykrar edilen ençeme brendleri bar. Kompaniýanyň «Bold» haryt nyşanly önümleri ýerli witamin içgileri bazarynda öňdebaryjy bolup, ol halkara arenasynda hem ençeme baýraklara mynasyp boldy.

«Ýüpekçi» kompaniýasynyň işgärleri düzümi baý tejribesi we zähmetköýerligi bilen bellidir. Esasy önümçilik toplumy 5,7 gektar meýdany eýeläp, ol 8 sany ýokary öndürijilikli önümçilik desgalaryny özünde jemleýär. Türkmenistan boýunça 15 ammar we paýlaýyş merkezleri bolan kompaniýada önümçilik we üpjünçilik bölekleriniň arasy innowatiw transport ulgamlary bilen üpjün edilendir.

mission
Baş wezipämiz

Biziň maksadymyz höwes we jogapkärçilik duýgusy bilen önümleri döretmek we ösdürmekdir.

vision
Maksadymyz

Sebitde alkogolsyz we witamin içgilerini öndürmekde öňdebaryjy orunlary saklamak.

values
Gymmatlyklarymyz

Sarp edijileriň sagdynlygy we ekologik taýdan arassa önümçilik.

FSSC
iso
halal
KOMPANIÝAMYZYŇ MENEJMENTI, HIL WE AZYK HOWPSUZLYGY ULGAMLARYMYZ SERTIFIKATLAŞDYRYLANDYR

Hyzmatdaşlyk üçin

«Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti öz hyzmatdaşlaryna mümkin boldugyça girdejili teklip hödürleýär. Önümçilikde öňdebaryjy we innowation tehnologiýalary ulanýan kompaniýamyzyň önümleri ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.